Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

  • 05.06.2026 00:08
  • 8.6k+

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi merkeziniň ylmy işgärleri şeýle netijä geldiler.

Alymlar suwotylaryň 2011-nji ýyldaky gülleýişiniň gyş ýelleriniň güýçlenmegi we ýokumly maddalarynyň gelmegi bilen baglanyşykly bolandygyny, emma indi ulgamyň özüni özbaşdak goldap bilýändigini anykladylar. Suwda ýüzüp ýören suwotylaryň töwereginde organizmler jemgyýeti emele geldi, olar sargassumyň özünden çykýan azoty gaýtadan işläp, ony suwa gaýtaryp berýär we howa şertlerine garamazdan, dowamly ösüşi üpjün edýär.

Barlagyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýyla çenli guşagyň umumy biomassasy 37 million tonnadan geçer.

Hemra gözegçiliklerini we okeanografik modelleri ulanyp, barlagçylar 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin suwotylaryň konsentrasiýasyny çaklap bildiler. Bu bolsa, gyssagly ýagdaýda kenarýakany arassalamak işleriniň ýerine, olary açyk deňizde tutmak mümkinçiligini açýar.

Awtorlar sargassum kenarda çüýreýän wagty, toplanan uglerodyň ep-esli böleginiň atmosfera gaýtarylýandygyny belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, suwotylary kenarýaka zolagynda ýygnap, soňra ony deňziň çuň ýerlerine taşlamak, asyrlaryň dowamynda uglerodyň uzak möhletli toplanmagyny üpjün edip biler.

Barlagçylaryň sözlerine görä, kenarýaka jemgyýetleri soňky 15 ýylyň dowamynda netijeli çaklama we utgaşdyrma gurallary bolmansoň, sargassum suwotylarynyň ýaýramagyndan uly zyýan çekdiler. Awtorlar indi bu hadysany meýilnamalaýyn dolandyrmak üçin ylmy esaslaryň dörändigine ynanýarlar.


22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......