Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

  • 07.06.2026 17:05
  • 9.5k+

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew iň pes temperatura goýmazlygy maslahat berýärler.

Lukmanlaryň sözlerine görä, esasy faktor salonda iň pes temperaturanyň bolmagy däl-de, daşarky we içerki temperaturalaryň arasyndaky tapawutdyr. Takmynan alty gradus tapawut iň amatlysy hasaplanýar. Howanyň temperaturasy 30 gradus töweregi bolanda kondisioneri 24 gradus töweregine sazlamak maslahat berilýär.

Temperaturanyň birden üýtgemegi diňe bir burnuň akmagyna, bokurdagyň agyrmagyna ýa-da sesiň gyrylmasyna däl, eýsem umumy ýarawsyzlyga hem sebäp bolup biler. Kondisioneriň üfleýän gurak howasy goşmaça faktordyr. Uzak ýola gidilende bu nemli bardalaryň we gözüň gyjynmagyna sebäp bolup biler.

Şeýle hem hünärmenler kondisioner ulgamyna yzygiderli tehniki hyzmaty edip durmagyň zerurdygyny nygtaýarlar. Hapa howa geçirijilerinde, bugardyryjyda we salonyň köne süzgüjinde bakteriýalar, kömelekler we heň köpelip bilýär.

Kondisioneri howpsuz ulanmak üçin, ilki bilen, aýnalary birnäçe minutlap açyp goýmak arkaly ulagyň içini ýelejiretmek, soňra temperaturany ýuwaş-ýuwaşdan peseltmek maslahat berilýär. Salonyň howasyny gyradeň sowatmak üçin sowuk howany adama däl-de, ýokary ýa-da penjirä tarap gönükdirmek maslahat berilýär.


şu gün 12:00
2.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

25.06.2026 19:11
5.7k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 14:59
7.5k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......