Islam Mahaçew Della Madalenany ýeňip, iki agram derejesinde UFC-niň çempiony boldy

  • 16.11.2025 11:41
  • 16k+

Russiýaly Islam Mahaçew Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 322 ýaryşynyň esasy duşuşygynda awstraliýaly Jek Della Maddalenany eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi.

Tutluşyk hersi bäş minutlyk bäş raundlap dowam etdi. Tutluşygyň tutuş dowamynda diýen ýaly russiýaly pälwan garşydaşyny ýerde (parterde) arkasyna ýatyryp saklady.
Mahaçew 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri ilkinji gezek möhletinden öň ýeňip bilmedi. Şondan soň ol dört söweş geçirdi.
Mahaçew Maddalenanyň UFC-niň ýarym-agyr agramdaky çempionlyk guşagyny aldy.
Russiýaly söweşiji maý aýynda UFC-niň ýeňil agramdaky titulyny boşadyp, ýarym-agyr agram derejesine geçdi we Maddalenanyň eýelik edýän guşagy ugrunda söweşdi. Şeýle hem, ol agram derejesine garamazdan (P4P) promouşeniň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde ikinji orna düşdi. Liderlige Mahaçewiň boşadan çempionlyk guşagyny eýelän, asly gruziýaly ispan söweşijisi Iliýa Topuriýa geçdi.
Mahaçew Russiýadan ilkinji we taryhda iki agram derejesinde UFC titulyny eýelemegi başaran 11-nji söweşiji boldy.
Mundan başga-da, Mahaçew yzygiderli 16-njy söweşinde ýeňiş gazanyp, UFC-niň orta agramdaky öňki çempiony Anderson Silwanyň promouşende yzygiderli ýeňişleriniň dowamlylygy boýunça rekordyny gaýtalady.
34 ýaşly Mahaçewiň hasabynda 2015-nji ýylda bir ýeňliş bilen MMA-da 28 ýeňiş bar. 29 ýaşly Maddalenanyň 18 ýeňşi we üç ýeňlişi bar (bu söweşden öňki soňky ýeňlişi 2016-njy ýylyň maý aýynda bolupdy).


düýn 14:40
3.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....