Nýu-Ýorkda UFC 322: Maddalena – Mahaçew, esasy söweşler, haçan we nirede görmeli

  • 14.11.2025 20:30
  • 19k+

16-njy noýabrda Nýu-Ýorkdaky Madison Square Garden arenasynda UFC 322 ýaryşy geçiriler. Söweş agşamy Aşgabat wagty bilen ir sagat 4:00-da başlar, esasy kard bolsa 8:00-da başlar.

Esasy waka ýarym orta agramda titul söweşi bolar: çempion Jek Della Maddalena Islam Mahaçewe garşy ilkinji goragyny geçirer. Mahaçew üçin bu UFC-niň iki agram derejesinde titul gazanan ilkinji russiýaly söweşiji bolmak üçin mümkinçilikdir. Söweşiň çen bilen başlanjak wagty – 10:00.
Ýene bir esasy wakada Walentina Şewçenko zenanlaryň iň ýeňil agram derejesinde titul üçin Weýli Çžan bilen duşuşar.
Ýaryşyň esasy kardy:

  • ·Jek Della Maddalena – Islam Mahaçew
  • ·Walentino Şewçenko – Weýli Çžan
  • ·Şon Bredi – Maýkl Morales
  • ·Leon Edwards – Karlos Prates
  • ·Beneil Dariuş – Benua Sen-Deni

Söweşleri göni ýaýlymda “Матч ТВ” we “Матч Боец” teleýaýlymlary görkezer. Şeýle-de, ýaryş UFC Fight Pass platformasynda elýeterli bolar.


düýn 14:40
3.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....