Mbappe kazyýetiň üsti bilen “PSŽ-den” 263 mln ýewro, klub bolsa futbolçydan 440 mln ýewro talap edýär

  • 18.11.2025 17:52
  • 17k+

Kilian Mbappe we “Pari Sen-Žermen” kazyýetde biri-birine uly mukdarda maliýe talaplaryny bildirdi. Iş 17-nji noýabrda Parižiň zähmet dawalary boýunça kazyýetinde başlandy.

Le Monde-niň habar bermegine görä, hüjümçi şertnamany uzaltmakdan ýüz öwrenden soň ýaramaz gatnaşygy üçin klubdan 263 mln ýewro möçberde öwez tölegini talap edýär. “PSŽ” hem garşylyklaýyn arza berdi we oýunçynyň saud “Al-Hilýalyna” geçmek barada uly şertnamany bozandygyny nygtap, 440 mln ýewro talap etdi.
Mbappe 2023/24 möwsüminiň başynda täze şertnamadan ýüz öwürmegiň onuň oýunlardan çetleşdirilmegine getirendigini aýdyp, arza beripdi. Mundan başga-da, ol klubuň satmak isleýän oýunçylary bilen türgenleşmäge iberildi. Şu sebäpli Fransiýanyň oýunçylar birleşigi geçen ýyl şikaýat arzasyny berdi.
“PSŽ”, öz gezeginde, Mbappeni “Al-Hilýal” bilen şertnamanyň bozulmagynda günäkär hasaplaýar. Saud kluby 300 mln ýewro tölemäge taýýardy, ýöne hüjümçi geçmekden ýüz öwürdi.
2024-nji ýylda Mbappe “PSŽ-den” erkin agent hökmünde gitdi we karýerasyny Madridiň “Realynda” dowam etdirdi.


düýn 20:28
6.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
9.2k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....