Tramp ABŞ-nyň raýatlaryna paç girdejilerinden 2 müň dollar tölemäge wada berdi

  • 10.11.2025 18:17
  • 14k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hökümetiň gümrük paçlaryndan alnan girdejilerden ähli raýatlara 2 müň dollardan tölejekdigini aýtdy. Bu barada ol özüniň Truth Social sosial ulgamynda ýazdy.

“Her bir adama azyndan 2000 dollar möçberde töleg tölener (ýokary girdejili adamlary hasaba almazdan!)” – diýip, Ak tamyň ýolbaşçysy aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, syýasatçy tölegleriň haçan we nädip beriljekdigini, şeýle-de ýokary girdejili adamlaryň kategoriýasyna kimleriň degişli boljakdygyny aýdyňlaşdyrmady. Onuň aýdanlaryndan gelip çykyşy ýaly, pul serişdeleriniň çeşmesi onuň girizen import paçlaryndan alnan girdejiler bolar.

“Biz indi nol inflýasiýa bilen diýen ýaly we gazna bazarynda paýnamalaryň rekord ösüşi bilen dünýäde iň baý we hormatlanýan ýurt. Biz trillionlarça dollar gazanýarys we tiz wagtdan 37 trln dollar möçberindäki uly bergimizi üzüp başlarys” – diýip, Prezident belledi.

2025-nji ýylda Ak tama gaýdyp gelenden soň Tramp 180 ýurtdan we sebitden harytlara gümrük paçlaryny girizdi. ABŞ-nyň Gümrük we serhet gullugynyň maglumatlaryna görä, sentýabryň ortalaryna çenli gümrük paçlaryndan alnan girdejiler, takmynan, 90 mlrd dollara ýetdi.
NPR-iň belleýşi ýaly, gümrük paçlary sebäpli esasy çykdajylar amerikan importçylarynyň üstüne düşýär. Kiçi kärhanalar we sarp edijiler bahalaryň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti 5-nji noýabrda gümrük paçlarynyň kanunylygyny gözden geçirip başlady. Ozal aşaky kazyýetler olary bikanun diýip hasaplapdy.


düýn 19:47
787

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......