Kriştianu Ronaldu 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň özi üçin iň soňky ýaryşy boljakdygyny tassyklady

  • 15.11.2025 00:27
  • 14k+

Kriştianu Ronaldu 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin çykyş etjek iň soňky uly ýaryşy boljakdygyny mälim etdi. Bu barada futbolçy Saud Arabystanynda geçirilen Tourise atly syýahatçylyk forumynda habar berdi diýip, "Mundo Deportivo" neşiri ýazýar.

Çempionat 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçer.

"Elbetde, bu hakykat, sebäbi men eýýäm 41 ýaşymda bolaryn. Öň aýdyşym ýaly, men pursatdan lezzet alýaryn" – diýip, Er-Riýadyň"Al-Nassr" klubunyň oýunçysy tassyklady.

Karýerasynyň tiz wagtda tamamlanmagy baradaky soraga jogap berende, Ronaldu munuň ýene "on ýyldan" boljakdygy barada degişdi. "Meniň üçin bu "tiz wagtda" diýmegi aňladýar. Adamlar men "tiz wagtda" diýenimde, alty aýdan ýa-da bir ýyldandyr öýdýärler. Men degişýän" – diýip, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi sözüniň üstüni ýetirdi.
Türgeniň sözlerine görä, ýaşy ulaldygyça "aýlar sanalýar", ýöne şonda-da özüni gowy duýýar we oýundan lezzet alýar. Portugaliýaly futbolçy: "Men kuboklary gazanmak isleýärin. Men munuň üçin ýaşaýaryn" – diýip, sözüni jemledi.
Ronaldu milli ýygyndyda 2003-nji ýyldan bäri çykyş edip, 225 oýna gatnaşdy, 143 gol geçirdi we 46 asist berdi. Ol milli ýygyndy bilen Ýewropa çempionatynda (2016) ýeňiji boldy we UEFA-nyň Milletler ligasynyň iki gezek (2019, 2025) ýeňijisi boldy.
Ronaldu "France Football" neşiriniň "Altyn topunyň" (2008, 2016, 2017), "FIFA-nyň Altyn topunyň" (2013, 2014) we Ýewropanyň "Altyn butsysynyň" (2008, 2011, 2014, 2015) ençeme gezek eýesi boldy. Oktýabr aýynda ol baýlygy 1,4 milliard dollar bolan ilkinji milliarder-futbolçy boldy.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......