Türkiýede eminleriň yzýany müňden gowrak futbolçy bukmeker goýumlary sebäpli futboldan çetleşdirildi

  • 12.11.2025 08:51
  • 14k+

Türkiýäniň futbol federasiýasy (TFF) bikanun pul goýumlaryna gatnaşmakda güman edilmegi sebäpli 1024 oýunçynyň, şol sanda Superliganyň 27 futbolçysynyň wagtlaýyn futboldan çetleşdirilendigini habar berdi diýip, Anadolu agentligi belleýär.

Üçünji we dördünji diwizionlardaky ýaryşlar iki hepdelik togtadyldy. Agentligiň maglumatlaryna görä, bu ligalarda, degişlilikde, 282 we 629 oýunçy derňew astyna düşdi.
Klublaryň düzüm ýitgileriniň öwezini dolmagy üçin, TFF içerki transferler üçin goşmaça 15 günlük transfer penjiresini açmak haýyşy bilen FIFA-a ýüz tutmak isleýär.
Duşenbe güni derňewiň çäklerinde sekiz adam, şol sanda Superliga klublarynyň biriniň ýolbaşçysy tutuldy – Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu Stambulyň “Eýupspor” klubundan Murat Ozkaýa.
Ýokary diwizionyň klublary bu waka dürlüçe seslendi. “Beşiktaş” öz oýunçylarynyň – derwezeban Ersin Destanoglunyň we ýarymgoragçy Nejip Uýsalyň arkasyny tutup, olara ynanýandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, “Fatih Karagümrük” federasiýanyň kararyny goldady.
Ozal TFF-iň derňewi professional ligalardaky häzirki 571 eminden 371-isiniň bukmeker platformalarynda akkauntlarynyň bardygyny, 152-siniň bolsa işjeň pul goýandygyny ýüze çykardy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......