Tmcars “Türkmentel-2025” halkara sergisine gatnaşýar

  • 12.11.2025 09:32
  • 15k+

Tmcars 12 – 14-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel-2025» halkara sergisine gatnaşýar. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär.

“Türkmentel-2025” halkara forumy hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar.
Serginiň çäklerinde TmCars onlaýn platformanyň täze mümkinçilikleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrar. Ulanyjylary ýygy-ýygydan gyzyklandyrýan sowallara jogap berer. Şeýle hem TmCars-da öz biznesini gurmak isleýänlere internet söwdasy, haýsy mahabat gurallaryndan peýdalanmagyň has netijeli boljakdygy barada maslahatlaryny berer.
Türkmenistanda onlaýn hyzmatlary hödürlemekde ilkinjileriň hatarynda döredilen «Tmcars» ykjam goşundysy, ilki, awtoulaglary satyn almak we satmak bildirişlerini goýmaga ýöriteleşdirilen bolsa-da, gysga wagtda onda ildeşlerimiziň satmak isleýän beýleki harytlaryny hem bildiriş edip goýmaga mümkinçilik döredildi.
TmCars barada has giňişleýin bilmek isleseňiz “Türkmentel-2025” sergisine geliň!
Instagram: tmcarsinfo
TikTok: tmcarsinfo


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......