Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

  • 20.05.2026 17:15
  • 3.9k+

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde ýaşaýan talyplary özüne çekýär.

«Bereketli Döwür Education & Consulting» hususy kärhanasy dalaşgärlere özlerine laýyk gelýän uniwersiteti saýlamaga we okuwa girmegiň ähli ädimlerini kynçylyksyz geçmäge kömek edýär.

Kärhana Malaýziýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Indoneziýanyň, Günorta Koreýanyň we başga-da ençeme ýurtlaryň ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk edip, bakalawriat, magistratura we doktorantura maksatnamalaryny hödürleýär.

Malaýziýa: Aziýanyň tehnologiýa we innowasiýa merkezi

Malaýziýa halkara bilim merkezi hökmünde abraý gazanýar. Bu ýurtda bilim almak isleýänleriň köpüsi has hem ýokary tehnologiýaly Saýberjaýa şäherinde ýerleşýän University of Cyberjaya (UoC) girmegi höwes edýärler.

Bu abraýly ýokary okuw jaýy iň döwrebap ugurlarda üstünlik gazanmaga ymtylýan talyplary özüne çekýär:

  • IT (maglumat tehnologiýalary);
  • Emeli aň (AI);
  • Sanly tehnologiýalar;
  • Biznes we dolandyryş.

Hatda TOEFL sertifikaty bolmadyk ýagdaýynda-da, talyplar iňlis dilini uniwersitetiň özünde, okuwyň dowamynda kämilleşdirip biler.

Hytaý: Tehnologikösüşiňmekany

Hytaýyň uniwersitetleri gitdigiçe dünýä reýtinglerindäki orunlaryny ýokarlandyrýarlar. Bu ýerde daşary ýurtly talyplara diňe bir hytaý dilinde däl, eýsem iňlis dilinde-de dürli maksatnamalar hödürlenýär.

Talyplary bu ýerde döwrebap barlaghanalar, güýçli inženerçilik we tehnologiýa ugrunda ýöriteleşen ýokary okuw jaýlary özüne çekýär.

Türkiýe: Ýewropa we Gündogar bilim däpleriniň utgaşmasy

Türk uniwersitetleri okuw töleginiň amatlylygy, ösen infrastrukturasy, medeniýetiň we diliň ýakynlygy bilen gyzyklanma döredýär. Talyplar üçin bu — amatly medeni gurşawda halkara diplomyny almak we akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşmak mümkinçiligi diýmekdir.

Hödürlenýän ugurlaryň arasynda lukmançylyk, stomatologiýa, halkara gatnaşyklary, hukuk, biznes we ykdysadyýet, sport ylymlary we beýlekiler bar.

Gazagystan: Watanyň golaýynda döwrebap bilim

Gazagystanyň uniwersitetleri halkara maksatnamalaryny işjeň ösdürýärler we daşary ýurduň abraýly ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Talyplar Gazagystany birnäçe artykmaçlyklary üçin saýlaýarlar:

  • Töleg amatlylygy;
  • Döwrebap bilim maksatnamalary;
  • Rus we iňlis dillerinde okamak mümkinçiligi;
  • Aňsat uýgunlaşmak üçin döredilýän şertler.

Her bir ädimde goldaw

«Bereketli Döwür» talyplara okuwa girmegiň ähli tapgyrlarynda maslahat kömegini berýär:

  • Uniwersitet we maksatnama saýlamak;
  • Motiwasiýa hatlaryny we akademiki rezýumeleri taýýarlamaga kömek;
  • Wiza almak üçin resminamalary taýýarlamaga ýardam;
  • Okuwa girmek üçin zerur bolan dil derejeleri boýunça peýdaly maslahatlar;
  • Resminamalaryň terjimesi we tassyklanylmagy;
  • Biletleri bronlamak we ýaşajak ýeriňi tapmak;
  • Baranyňdan soňky goldaw.

Kärhana gönüden-göni uniwersitetleriň özleri bilen işleýär we talyplar bilen 7/24 aragatnaşyk saklaýar.

Habarlaşmak üçin:


08.06.2026 15:19
5.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4.2k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......