Alymlar itleriň ilkinji tohumlarynyň haçan peýda bolandygyny anyklady

  • 18.11.2025 11:24
  • 5.8k+

Itleriň gelip çykyşy we eldekileşdirilmegi häli-häzire çenli ylymda iň köp öwrenilýän temalaryň biri bolmagynda galýar. Science žurnalynda neşir edilen täze gözleg itleriň arasyndaky tapawutlaryň häzirki tohum çykarmak usullaryndan has öň ýüze çykyp başlandygyny görkezýär.

Ýewropa uniwersitetleriniň birnäçesinden alymlar gadymy itleriň we olaryň ata-babalary bolan möjekleriň 643 kelleçanagyny öwrendi. Käbir tapyndylaryň ýaşy 50 müň ýyla ýetýär. Üç ölçegli analiziň kömegi bilen alymlar kelleçanaklaryň şekiliniň we ölçeginiň wagtyň geçmegi bilen nähili üýtgändigini yzarlady.
Ýöne hünärmenlerde haýwanlaryň tüýüniň reňki ýa-da olaryň özüni alyp barşy barada maglumatlaryň ýokdugy sebäpli olar bu itleriň haýsy tohumlara degişlidigini kesgitläp bilmedi.
Angliýanyň Ekseter uniwersitetinden bioarheolog Karli Amin tapylan kelleçanaklaryň arasynda buldoglara, mopslara ýa-da bulterýerlere mahsus bolan aşa üýtgeşik kelleçanak aýratynlyklarynyň bolmandygyny aýtdy.
Netijeler itlerde fiziki tapawutlaryň, takmynan, 11 müň ýyl ozal döräp başlandygyny görkezdi. Bu bolsa tohumlaryň diňe XVIII-XIX asyrlarda çaknyşdyrmak usullary bilen ýüze çykandygy baradaky çaklamany ret edýär.
Monpelýe uniwersitetinden bioarheolog Allowen Ewin “kelleçanaklaryň uly üýtgeşmeleriniň eýýäm taryhdan öňki döwürlerde bolandygyny” belledi.


şu gün 10:53
470

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....