OpenAI düýpgöter täze kompýuter döretmek isleýär. Häzirki enjamlar emeli aň üçin döredilmedik

  • 13.07.2025 19:08
  • 3.4k+

OpenAI kompaniýasynyň baş direktory Sem Altman häzirki kompýuterleriň emeli aňsyz dünýä üçin işlenip düzülendigini, olaryň emeli aň bilen işleşmäge laýyk däldigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, kompaniýa konteksti göz öňünde tutup, esasly kararlary kabul edip bilýän düýbünden täze enjamyň üstünde işleýär.

«Windows Central» neşirine beren interwýusynda Altman bilen OpenAI-yň operasion direktory Bred Laýtkep bu taslamanyň sesli kömekçä meňzemeýändigini, eýsem, tehnologik taýdan has başgaça çözgüt boljakdygyny aýtdylar.

«Häzirki gün [diňe poçtaňy barlap, oňa jogap berip bilýän] ajaýyp pes hilli bir zatlary döredip bilersiňiz. Ýöne ajaýyp bir zat döretmek üçin, giň kontekste hem-de her bir ýagdaýyň nämedigine çuňňur düşünmek zerur... Şonuň üçin men muny geljegi uly ugur hasaplaýaryn» — diýip, Laýtkep aýtdy.
«Kompýuterler, programma üpjünçilikleri we enjamlar, ýagny biziň şu günki kompýuterleri göz öňüne getirşimiz ýaly, emeli aňsyz dünýä üçin işlenip düzülipdi. A indi bolsa, biz düýbünden başgaça dünýäde ýaşaýarys, programmalaýyn we enjamlaýyn talaplar gaty çalt üýtgeýär» — diýip, Altman üstüni ýetirdi.

Bu ugurda hödürlenýän çözgütleriň arasynda OpenAI-yň «io» atly startap bilen bilelikde işläp düzýän enjamy hem bar. Bu kompaniýa Apple-yň öňki baş dizaýneri Joni Aýw tarapyndan esaslandyryldy. OpenAI bu kompaniýany 6,5 mlrd dollara satyn aldy. Taraplaryň maksady tehnologik taýdan özgerdiji – 2007-nji ýylda iPhone-yň çykyşy bilen deňeşdirip boljak – enjam döretmek. Bu OpenAI-y Microsoft, Google, Apple we Samsung ýaly tehnologiýa ägirtleriniň hataryna goşup biler.
Häzirki wagtda OpenAI bu ugurda birnäçe pikiri öwrenýär. Altman adamlaryň durmuş kontekstine düşünip, olaryň adyndan hereket edip bilýän tehnologiýalara ynanmagy öwrenmegi üçin belli bir wagtyň gerek boljakdygyny aýtdy.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...