Astrosuratçy Günüň fonunda aşak gaçyp barýan adamyň suratyny düşürdi

  • 20.11.2025 13:58
  • 13k+

Amerikaly astrosuratçy Endrýu MakKarti Günüň fonunda paraşýutçynyň ajaýyp suratyny düşürdi we wideony öz Instagram sahypasynda ýerleşdirdi. Suratyň ady "Ikaryň Aşak Gaçyşy" diýlip atlandyryldy.

MakKartiniň aýtmagyna görä, suraty almak üçin uzak wagtlyk taýýarlyk we takyk hasaplamalar zerur boldy.

"Bu taryhda şeýle görnüşli ilkinji surat bolsa gerek," – diýip, ol X (ozalky Twitter) sosial ulgamynda ýazdy.

Paraşýutçy – sazanda, ýutubçy we suratçynyň dosty Gabriel S. Braun boldy. Ol 1070 metr beýiklikden kiçi uçardan bökdi. Kamera çenli aralyk takmynan 2440 metr boldy.
Takyk suraty almak üçin MakKarti birnäçe hepde taýýarlyk gördi. Uçary Gün diskiniň çyzygyna deňlemek üçin jemi alty synanyşyk etmeli boldy.
Emma böküş diňe bir gezek ýerine ýetirildi.
MakKarti suratyň näme üçin beýle ýokary takyklygy talap edendigini düşündirdi:

"Görüş meýdanymyz örän dardy, şonuň üçin ençeme gezek synanyşmaly bolduk. Bökmäge welin diňe bir gezek synanyşyp bilýärdik – paraşýuty howpsuz ýagdaýda gaýtadan ýerleşdirmäge gaty köp wagt gerek bolardy," – diýip, işiň awtory aýtdy.


28.05.2026 17:17
5.2k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....

20.05.2026 21:41
3.9k+

Niagaranyň buzdan bina bolan gudraty: Niagara Frozen Falls 2026 surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

2026-njy ýylda Niagara seýilgähleri ​​dünýäniň iň meşhur şaglawuklarynyň biriniň gyşky gözelliginden pursatlary suratlarda beýan etmegi maksat edinýän giň möçberli surat bäsleşigi bolan Niagara Frozen Falls......

19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....