ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

  • 15.05.2026 11:27
  • 7.8k+

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar.

​Bu ýerde Gün 13-nji maýda sagat 02:57-de dogdy we meýilnama boýunça ol 2-nji awgusta çenli ýaşmaz.

​Utkiagwik ABŞ-nyň iň demirgazyk şäheri hasaplanýar.

​Ýarym gije Gününiň emele gelmegi Ýer okunyň gyşarmagy bilen baglanyşyklydyr we bu hadysany Polýar guşagynyň aňyrsynda ýerleşýän sebitlerde synlamak bolýar. Degişli döwürde Gün gözýetimiň çyzygyndan aşak düşmeýär, şonuň üçin hem gije diýlen düşünje umuman ýok bolýar. Bu aralykda ýerli ýaşaýjylar uky tertibini saklamak üçin ýagtylyk geçirmeýän galyň perdeleri ulanýarlar.

Demirgazyk ýarym şarynyň polýar sebitlerinde «polýar gündizliginiň» dowam edýän wagty, Antarktidada (Günorta ýarym şarda) häzir «polýar gijesi» höküm sürýär. Günorta polýusynda Gün eýýäm 21-nji martda ýaşypdy we indi ol ýeri 21-nji sentýabra çenli 6 aýlyk doly garaňkylyk gurşap alar. Amerikanyň «Amundsen-Skott» we Russiýanyň «Wostok» ylmy stansiýalarynda häzir gije-gündiz diýmän garaňky, howanyň temperaturasy bolsa -60...-70 °C-den hem aşakda.


22.06.2026 00:57
5.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....