Google öz Veo wideo döredijisini täzeledi: ýokary realizm, ses we kino stili

  • 18.10.2025 12:40
  • 2.1k+

Google öz EA wideo generatorynyň täzelenen wersiýasyny – Veo 3.1-i çykardy. Täze model şekilleriň has hakykata ýakyn bolmagy, tekst beýanlaryny takyk berjaý etmegi we ses bezeginiň kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar.

Maý aýynda çykan wersiýa bilen deňeşdirilende, Veo 3.1 has tebigy jikme-jiklikler bilen wideo döredip, döredilen sahnalara ses goşup bilýär. Indi ulanyjylar diňe bir tekst beýany boýunça wideo döretmän, eýsem soňky kadrlardan taýýar wideolary dowam etdirip, şeýle-de nusga suratlaryň kömegi bilen gahrymanlaryň nähili bolmalydygyny kesgitläp biler.
Kompaniýanyň wekilleri täze algoritmleriň netijesinde sahnalaryň “has janly we kinodaky ýaly” bolandygyny belleýär. Model eýýäm Flow wideoredaktoryna goşuldy we Gemini, Gemini API programmasy we Vertex AI platformasy arkaly elýeterlidir.
Mundan başga-da, Flow ulanyjylary emeli aňyň kömegi bilen wideodan obýektleri aýyrmak üçin täze gurala eýe boldy. Maý aýynda redaktor işe girizileni bäri onuň kömegi bilen 275 milliondan gowrak wideo döredildi we bu görkeziji ösmegini dowam etdirýär. 

 


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
923

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...