Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

  • 18.04.2026 12:23
  • 4.2k+

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik ulgamyny goramaga we emeli aňyň işlemegi üçin zerur bolan desgalaryň daşky gurşawa täsirine baha bermäge gönükdirilendir.

Bu çäreler ştatda elektrik energiýasynyň bahalarynyň kesgin ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu görkeziji 2021-nji ýyldan bäri takmynan 60% ýokarlandy. Oba ýerleriniň ýaşaýjylary serwer fermalarynyň infrastruktura ýetirýän agramyndan nägilelik bildirýärler.

Ykdysatçylar Nýu-Ýork we Oklahoma ýaly ýene on ştatyň şuňa meňzeş moratoriýleri girizip biljekdigini çaklaýarlar.

Federal derejede senator Berni Sanders we Aleksandra Okasio-Kortes eýýäm emeli aň desgalarynyň gurluşygyny çäklendirmegi teklip etdiler. Bu başlangyç, Kongresi goşulyşmaga çagyrýan 200-den gowrak daşky gurşaw guramasy tarapyndan hem goldanylýar.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....