Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

  • 16.05.2026 23:58
  • 3.5k+

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11 ýyl ozal gulplanypdy.

Onuň aýtmagyna görä, ol 2015-nji ýyldan bäri 5 sany bitkoini (şol wagt bir bitkoin takmynan 240 dollar töweregidi) satyn alypdyr, ýöne soňra onuň açarsözüni ýitipdir.

Ol açarsözi tapmak üçin tas iki aýlap ýörite kärendesine alnan güýçli wideo-kartalary (GPU) ulanýar, «btcrecover» we «Hashcat» ýaly programmalaryň kömegi bilen 3,5 trilliona golaý meňseş açarsözleri barlap görýär, emma hiç hili netije çykmaýar.

Ähli synaglary şowsuz bolandan soň, ulanyjy özüniň talyplyk ýyllaryndan galan noutbugyndaky köne faýllary we maglumatlary Claude emeli aňyna ýükläp, seljermegi soraýar.

Emeli aň gaty gysga wagtyň içinde şol faýllaryň arasyndan kripto gapjygyň 2019-njy ýylda döredilen ätiýaçlyk nusgasyny (backup) tapyp berýär. Iň esasy zat bolsa, bu ätiýaçlyk nusgasy gapjygyň eýesiniň örän gowy ýadynda bolan köne we adaty açarsözi bilen şifirlenipdir.

Habar internetde ýaýran badyna köp adamlar «Emeli aň bitkoinli gapjygy döwüp açandyr» diýip pikir etdiler. Emma gapjygyň eýesi «Emeli aň hiç hili kod ýa-da şifr döwmedi. Ol diňe köne faýllaryň arasynda gözden sypyp, gizlenip galan maglumatlary seljerip, gerekli gapjygyň nusgasyny tapmaga kömek etdi» diýip, ýagdaýyň çaklanylyşy ýaly däldigini düşündirdi

CoinDesk neşiri hem bu wakanyň kriptografiýa hiç hili howp salmaýandygyny, gaýtam emeli aňyň köne maglumatlary gözlemekde peýdalydygyny subut edýändigini belledi. Sebäbi şeýle goragly gapjygy hakykatdan döwmek üçin ýa kämil kwant kompýuteri, ýa-da şifirleme algoritminiň özünde gaty uly kemçilik bolmaly.

Kripto gapjyk ýiten wagtyndan bäri bitkoiniň bahasy hem ägirt uly derejede gymmatlady. Häzirki wagtda 1 BTC-niň bahasy ýokary derejelere ýetdi we şol 5 bitkoin häzir tas 400 000 dollar töweregi bolup durýar. Bagty çüwen ulanyjy eýýäm 13-nji maýda ähli kriptowalýutasyny nagtlaşdyrmak üçin gapjykdan çykardy.


düýn 23:37
1.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......