Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

  • 05.05.2026 05:26
  • 3.2k+

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler.

«Duke Health» ulgamynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen bu gözlegde emeli aň modeli diagnoz goýlan, şeýle-de sagdyn çagalaryň 140 müňden gowragynyň maglumatlary esasynda okadyldy. Algoritm çagalaryň doglan pursatyndan başlap, irki ýaşlaryna çenli bolan elektron lukmançylyk ýazgylaryny seljerdi.

Ulgam çaganyň ösüşindäki we özüni alyp barşyndaky aýratynlyklaryň utgaşmasyny tapýar. Bu bolsa ÜÝAHS töwekgelçiligini resmi tassyklanmazyndan has öň çykarmaga mümkinçilik berýär. Emeli aň iň takyk netijeleri bäş ýaşly we ondan uly çagalarda görkezdi.

Dýuka uniwersitetiniň Lukmançylyk mekdebiniň biostatistika we bioinformatika bölüminiň barlag maglumatlary boýunça hünärmeni, gözlegiň awtory Elliot Hill: «Elektron lukmançylyk ýazgylarymyzda  örän baý maglumat çeşmesi bar. Biz şol maglumatlaryň içinde gizlenen kanunalaýyklyklaryň geljekde haýsy çagalara ÜÝAHS diagnozynyň goýuljakdygyny öňünden aýtmaga kömek edip biljekdigini ýa bilmejekdigini anyklamak isledik» diýip, täze synagyň matlabyny düşündirýär.

Elbetde, her näçe takyk gabat gelmelere eýe bolsa-da, gözlegçiler bu tehnologiýanyň lukmanyň ornuny tutmaýandygyny nygtaýarlar.

– Bu «EA-lukman» däl-de, lukmanlara öz wagtyny we serişdelerini has netijeli ulanmaga kömek edýän guraldyr — diýip, gözlege gatnaşyjy hünärmenleriň ýene biri Metthýu Engelhard hem bu barada aýratyn belleýär.

Gözlegçileriň aýtmagyna görä, bu sindromyň has ir anyklanmagy çagalaryň okuwyny, jemgyýete uýgunlaşmagyny we umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam eder.


düýn 10:01
3.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......