Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi.
«GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy.
Bu tapawut aýratyn-da wideo görlende we oýun oýnalanda has aýdyň ýüze çykdy: Samsung smartfony wideo görlende üç sagat, oýunlarda bolsa tas iki esse diýen ýaly has uzak wagtlap işledi.
Hünärmenler bu netijäni Pixel 10 Pro XL-de ýerleşdirilen Tensor G5 prosessorynyň aýratynlyklary bilen baglanyşdyrýarlar. Bu prosessor emeli aň wezipelerinde örän netijeli bolsa-da, umumy energiýa tygşytlylygy we öndürijiligi boýunça bäsdeşlerinden yza galýar. Ulanylýan ARM ýadrolarynyň iň täze däldigi we grafikanyň optimallaşdyrylyşy boýunça soraglaryň bardygy bellenilýär.
Geçirilen synag, diňe bir uly batareýanyň bolmagynyň enjamyň uzak wagtlap işlemegini kepillendirmeýändigini görkezdi. Platformanyň netijeliligi we komponentleriň dogry sazlanmagy smartfonyň awtonomlygynda esasy orun tutýar.
