2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär.
Analitikler ulanyjylaryň öz enjamlaryndan has uzak wagtlap peýdalanyp başlandyklaryny hem belleýärler.
Iň uly işjeňlik 2025-nji ýylyň dördünji çärýegine degişli boldy. Şol döwürde "trade-in" möçberi 2,8 milliard dollary düzdi — bu gözegçilik edilýän ähli döwrüň içinde iň ýokary çärýekleýin görkezijidir. Bu ösüş 5G goldawy bolan ulanylan smartfonlar bazarynyň giňelmegi bilen baglanyşyklydyr, bu bolsa tabşyrylýan enjamlar üçin tölegleriň artmagyna getirdi.
Ähli smartfonlaryň arasynda tabşyrylýan mukdary boýunça iPhone 13 lider boldy, ol ýylyň ähli çärýeginde birinji ýeri eýeledi. Android enjamlarynyň arasynda bolsa Samsung Galaxy S22 Ultra 5G birinji ýeri saklap gelýär. Bu model eýýäm yzly-yzyna alty çärýek bäri iň köp tabşyrylýan model bolmagynda galýar.
Smartfonlaryň ortaça ulanylyş möhleti artmagyny dowam edýär. 2025-nji ýylda iPhone smartfonlary satyn alnandan soň ortaça 3,80 ýyldan tabşyrylan bolsa, bir ýyl ozal bu görkeziji 3,67 ýyldy. Android smartfonlar üçin ortaça möhlet 2024-nji ýyldaky 3,52 ýyl bilen deňeşdirilende 3,96 ýyla çenli ýokarlandy. Dördünji çärýekde bu görkeziji ilkinji gezek dört ýyldan geçip, 4,1 ýyla ýetdi.