Samsung Galaxy S26 Ultra çykdy: Ekrany «ýaşyrýan» funksiýa we alýumin korpus

  • 26.02.2026 09:53
  • 7.3k+

San-Fransiskoda geçirilen Galaxy Unpacked 2026 çäresinde Samsung kompaniýasy täze Galaxy S26 Ultra smartfonyny hödürledi. Bu flagman diňe bir kuwwatlylygy bilen däl, eýsem şahsy gizlinligi goramak ukyby bilen hem tapawutlanýar.

Kompaniýa bu gezek titan korpusyň ýerine alýumini ulanmagy makul bildi. Munuň sebäbi alýuminiň gyzgynlygy has gowy sowatmagy we täze, kuwwatly prosessoryň netijeli işlemegine ýardam etmegidir. Dizaýn tarapdan smartfon has sadalaşdyryldy: burçlary az-kem tegelenen, ekrany tekiz we kameralary dikligine ýerleşdirilen «adajyk» dizaýnyna eýe boldy.
6,9 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X ekrany täze nesliň şöhlelenmä garşy aýnasy bilen üpjün edildi. Iň uly täzelik — Privacy Display funksiýasydyr. Bu tehnologiýa ekrana gapdaldan seredýänlere ony gara reňkde görkezýär. Şeýlelikde, jemgyýetçilik ýerlerinde parollaryňyzy ýa-da şahsy hatlaryňyzy beýlekilerden gizläp bilersiňiz.
Esasy 200 megapiksellik kamera moduly gijeki suratlary has aýdyň alýar. 5 esse optiki zoomly teleobýektiw bolsa has köp ýagtylygy kabul edip, jikme-jiklikleri saklaýar. Smartfon 8K we 4K (120 kadr/sek) formatynda ýokary hilli wideolary düşürip bilýär, täze stabilizasiýa ulgamy bolsa gorizonty saklamaga kömek edýär.
Tehniki Kuwwaty

  • Prosessor: Ähli bazarlar üçin Snapdragon 8 Elite Gen5 for Galaxy.
  • Ulgam: Android 16 we One UI 8.5. 7 ýyllyk täzelenme kepilligi bar.
  • Emeli aň: Gemini we Perplexity esasyndaky täze AI funksiýalary we tebigy sesi tanaýan Bixby kömekçisi.
  • Zarýad: 5000 mAs batareýa we 60 Wt çalt zarýad beriş ulgamy.
  • Täze tehnologiýa: Bluetooth 6.0 arkaly enjamlaryňyzy santimetr takyklygynda tapyp bilersiňiz.

Deslapky sargytlar eýýäm 28-nji fewrala çenli dowam edýär. Resmi satuwlar 2026-njy ýylyň 11-nji martynda başlar.

  • 12/256 GB görnüşi — 1450 ýewro
  • 12/512 GB görnüşi — 1650 ýewro
  • 16 GB / 1 TB görnüşi — 1950 ýewro

22.03.2026 04:00
3k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.5k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
12k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...