Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

  • 03.03.2026 15:24
  • 6.6k+

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi.

Emma geçirilen ilkinji garaşsyz barlaglar başgaça netijeleri ýüze çykardy. Ice Universe insaýderiniň berýän maglumatyna görä, smartfon 30 minutda takmynan 80% zarýad alyp ýetişýär. 37 minutdan soň zarýadyň derejesi 91%-e ýetýär, doly 100% zarýad almagy üçin bolsa bary-ýogy 50 minut töweregi wagt gerek bolýar.

Apple kompaniýasynyň esasy bäsdeşi bilen deňeşdirilende, Galaxy S26 Ultra-nyň görkezijileri has gowa meňzeýär.  iPhone 17 Pro Max ilkinji 30 minutda 65%-e çenli zarýad alýar, batareýasynyň doly dolmagy üçin bolsa 1 sagat 12 minut wagt gerek bolýar. Şunlukda, Samsung-yň flagmany doly zarýad almakda bäsdeşinden takmynan 22 minut öňe geçýär.


22.03.2026 04:00
2.6k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.1k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

26.02.2026 09:53
7.2k+

Samsung Galaxy S26 Ultra çykdy: Ekrany «ýaşyrýan» funksiýa we alýumin korpus

San-Fransiskoda geçirilen Galaxy Unpacked 2026 çäresinde Samsung kompaniýasy täze Galaxy S26 Ultra smartfonyny hödürledi. Bu flagman diňe bir kuwwatlylygy bilen däl, eýsem şahsy gizlinligi goramak ukyby bilen hem tapawutlanýar...