Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

  • 03.03.2026 06:09
  • 12k+

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady.


Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi.




Ice Universe insaýderiniň berýän maglumatyna görä, Galaxy S26 Ultra modelinde öňki Galaxy S25 Ultra bilen deňeşdirilende 24 megapiksellik Expert RAW režimi düýpli üýtgedildi. Ol şekilleri işläp taýýarlaýan algoritmleriň, aýratyn-da portret suratlaryny düşürmekde ulanylýan programma üpjünçiliginiň täzeden işlenip düzülendigini habar berdi.


31.05.2026 22:44
3.7k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

30.05.2026 00:14
2.2k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...