Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

  • 30.05.2026 00:14
  • 2.4k+

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler.

Bu barlag 36 ýylyň dowamynda 17 sany kosmos galyndysynyň hereketiniň seljermesine esaslanýar. Barlagçylar orbital üýtgeşmeleri Gün tegmilleriniň siklleri we Gün radiasiýasynyň üýtgemeleri bilen deňeşdirdiler.

Barlagçylaryň maglumatlaryna görä, Gün işjeňliginiň ýokary döwründe atmosferanyň ýokarky gatlagy has dykyzlaşýar. Bu bolsa pes orbitadaky obýektleriň has uly garşylyga sezewar bolmagyna we beýikligini has çalt ýitirmegine sebäp bolýar.

Hereketdäki hemralar üçin bu köplenç ýygy-ýygydan orbitasyna düzedişleri girizmeli we köp ýangyç sarp etmeli bolýandygyny aňladýar. Kosmos galyndylary üçin bolsa ters täsir ýüze çykýar: obýektler atmosfera adatdakydan çalt girýär we ýanýar.

Barlagyň awtorlary netijeleriň orbitadaky obýektleriň ömrüni we çaknyşma howpuny has takyk kesgitlemäge kömek etjekdigine ynanýarlar. Dürli çaklamalara görä, häzirki wagtda Ýeriň orbitasynda 130 milliona golaý kosmos galyndylary - işlemeýän hemralardan başlap, heläkçiliklerden galan kiçi galyndylaryna çenli aýlanyp ýör.


17.06.2026 10:34
1.9k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....