Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

  • 21.04.2026 15:36
  • 6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar «Orion» kosmos gämisi Aýyň daşyndan aýlanyp geçýän wagty düşürildi.

Wideo iPhone 17 Pro Max smartfony arkaly gäminiň geçiş lýugynyň penjiresinden düşürildi. Astronawtyň aýtmagyna görä, ol adam gözüniň görşüne ýakyn bolan 8 esse ulaldyş (zoom) funksiýasyndan peýdalanypdyr.

«Bu ömrüňe diňe bir gezek berilýän mümkinçilik... Älemiň iň täsin nokadyndan deňiz kenaryndaky günýaşyşyny synlaýan ýaly, Ýeriň ýaşyşyny smartfona düşürmek höwesinden saklanyp bilmedim. Men lýugyň penjiresinden Aýy zordan görýärdim, ýöne iPhone-yň ölçegleri bu pursady surata düşürmek üçin örän amatly boldy... Bu wideonyň hiç hili kesilmedik we redaktirlenmedik nusgasydyr. Tomaşa edip lezzet alyň» diýip, Rid Waýzman ýazdy.

NASA agentligi hem missiýanyň resmi materiallarynda bu pursaty hasaba aldy. Agentligiň maglumatyna görä, wideo 6-njy aprelde Aýyň golaýyndan uçup geçilýän wagty düşürildi. Suratlarda Ýer şarynyň kraterli Aý üstniüň aňyrsyna geçip barýandygy, şol bir wagtyň özünde bolsa planetanyň ýagty tarapynda Awstraliýa we Okeaniýa sebitleri görünýär.

«Artemis II» missiýasy aprel aýynyň başynda Kanaweral burnundaky kosmodromdan badalga alyp, Ýuwaş ummanyna gonmak bilen tamamlandy. Ekipaž Aýyň üstüne düşmän, diňe onuň daşyndan uçup geçdi we Ýere dolanyp geldi. Gäminiň bortunda Rid Waýzman, Wiktor Glower, Kristina Koh we Jeremi Hansen dagy bardy.

NASA-nyň habar bermegine görä, bu uçuşyň dowamynda adamly ekspedisiýalar üçin uzaklyk boýunça rekord goýuldy: ozal ynsan ogly Ýerden beýle uzak aralyga gidip görmändi.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......