Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

  • şu gün 10:29
  • 229

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär.

Indi goşundy binalary, estakadalary we beýleki ugur görkezijilerini göwrümli görkezýär. Google-yň hünärmenleriniň pikirine görä, bu format sürüjilere nätanyş ýollarda, aýratyn-da çylşyrymly ýol çatryklarynda has aňsat ugur tapmaga kömek eder.

Ulgam «Street View» maglumatlarynyň we aerofotosuratlaryň esasynda işleýär. Emeli aň (Gemini) modelleri ekranda haýsy elementleri, meselem, pyýada geçelgesini, swetofory ýa-da «Stop» belgisini aýratyn görkezmelidigini kesgitleýär.

Sesli görkezmeler hem täzelendi we indi has tebigy ýaňlanýar. Mysal üçin, uly ýolda barýarkaňyz, assistent ýoluň çylşyrymly adyny tutman: «şu öwrümden geçip, indiki öwrüme sowulyň» diýip biler.

Täzelenme alternatiw marşrutlaryň işine hem täsir etdi. Indi goşundy hödürlenýän aýlawly ýoluň näme bilen tapawutlanýandygyny düşündirýär — meselem, ýol has köp wagt alyp biler, ýöne onda dykynlar (probkalar) az bolar.

Syýahat başlamazdan ozal, Maps barjak ýeriňizi «Street View» arkaly görkezýär we awtoduralga (parkowka) üçin dürli görnüşleri hödürleýär.

Şeýle-de, goşunda Gemini çat-boty birikdirildi. «Kartalardan sora» düwmesiniň kömegi bilen ulanyjylar adaty dilde soraglar berip bilerler, meselem, iýmiti çalt taýýarlanýan we telefonyňy zarýadlamaga mümkinçilik bar bolan kafeni tapyp bilerler.

Üç ölçegli nawigasiýa eýýäm ABŞ-daky ulanyjylarda peýda bolup başlady. Ýakyn aýlarda bu tertip Android we iOS ulgamlarynda, şeýle hem CarPlay, Android Auto we Google ulgamy ornaşdyrylan awtoulaglarda elýeterli bolar. «Kartalardan sora» funksiýasy eýýäm ABŞ-da we Hindistanda ykjam enjamlarda işleýär. Kompýuterler üçin niýetlenen wersiýasyna bolsa has soňrak garaşylýar.
 


27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...

21.02.2026 14:09
1.1k+

Google habarçylaryň şikaýatlaryndan soň EA-gözleginiň interfeýsini üýtgetdi

Google kompaniýasy «EA-dan syn» (AI Overviews) we Geminä esaslanýan «Emeli aň tertibi» bölümlerinde gipersalgylanmalaryň görkezilişine üýtgeşmeler girizdi. Bu barada Google Search önümleri boýunça wise-prezidenti Robbi Steýn habar berýär...

20.02.2026 12:19
2k+

Google "iň çydamly" Pixel 10a smartfonyny tanyşdyrdy

Google kompaniýasy özüniň täze arzan bahaly smartfony bolan Pixel 10a modelini görkezdi. Kompaniýanyň tassyklamagyna görä, bu model Pixel taryhyndaky iň berk we çydamly smartfondyr. Pixel 10a dizaýn taýdan öňki modellerine meňzeş bolsa-da, käbir möhüm üýtgeşmeler girizildi...