Google habarçylaryň şikaýatlaryndan soň EA-gözleginiň interfeýsini üýtgetdi

  • 21.02.2026 14:09
  • 1.1k+

Google kompaniýasy «EA-dan syn» (AI Overviews) we Geminä esaslanýan «Emeli aň tertibi» bölümlerinde gipersalgylanmalaryň görkezilişine üýtgeşmeler girizdi. Bu barada Google Search önümleri boýunça wise-prezidenti Robbi Steýn habar berýär. Karar gözleg trafiginiň peselýändigini belleýän saýt eýeleriniň tankytlaryndan soň kabul edildi.
Indi ulanyjy kursory salgylanmanyň üstüne getirende, çeşme sahypasynyň deslapky görnüşi hökmünde açylýan penjiräni görýär. Ykjam we desktop wersiýalarda geçiş indikatorlary öňküden-de has göze iliji edildi. Işläp düzüjiler täzelenen interfeýsiň köpçüligiň asyl çeşmelere bolan gyzyklanmasyny artdyrjakdygyna bil baglaýarlar.
Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, neýroulgamdan taýýar jogap alandan soň, okyjylar başga resurslara giribem durmaýarlar.
Hyzmatyň 2024-nji ýylyň maý aýynda işe girizilen gününden bäri, dürli neşirler korporasiýany salgylanmalary gizlemekde aýyplap gelýärdiler. 2025-nji ýylyň maýyna çenli emeli aň gysgaça maglumatlary ulanýanlaryň sany 1,5 milliard adama ýetdi.
Salgylanma boýunça geçişiň peselmegine iň iri media guramalaryna hem täsir etdi. Şunlukda The HuffPost bilen The Washington Post-uň trafigi iki esseden hem kän azaldy. Business Insider bolsa üç ýylyň içinde gözleg akymynyň takmynan 55%-ini ýitirdi.
2025-nji ýylyň iýulynda Garaşsyz neşirçileriň bileleşigi Ýewrokomissiýa şikaýat edip, mazmunyň gözleg algoritmlerinde bikanun ulanylýandygyny mälim etdi.


16.05.2026 23:58
2.7k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...