Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

  • 21.02.2026 17:41
  • 1.7k+

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr.
Kompaniýanyň görkezen mysallarynda Gemini 3.1 Pro animasiýaly SVG-faýllaryny we Halkara kosmos stansiýasynyň (MKS) ýerleşýän ýerini hakyky wagt tertibinde yzarlaýan programmany döretmek üçin ulanyldy. Model programmanyň koduny özbaşdak ýazdy, degişli API-lary saýlady we kartany döretdi. Ol synaglaryň köpüsinde Gemini 3 Pro, Claude Sonnet 4.6 we GPT-5.2 ýaly modellerden öňe geçdi.
Täze çylşyrymly meseleleri çözmek ukybyny bahalandyrýan ARC-AGI-2 testinde Gemini 3.1 Pro 77,1% netije görkezdi. Bu görkeziji Gemini 3 Pro-nyň netijesinden iki esse ýokarydyr. Döredijiler modeli Google AI Studio-da barlap bilerler, adaty ulanyjylar üçin bolsa ol Gemini we NotebookLM programmalarynda AI Pro ýa-da AI Ultra abunasynda elýeterli bolar.
Artificial Analysis guramasynyň maglumatyna görä, Gemini 3.1 Pro Preview emeli aň modelleriniň akyl ukyplaryny bahalandyrýan Intelligence Index reýtinginde birinji orny eýeledi. Şol bir wagtyň özünde, ol baha we netijelilik babatda örän gowy netijeleri görkezdi.
Ähli testleri geçmek üçin Gemini modeline 56 mln token gerek boldy. Deňeşdirmek üçin: GPT-5.2 modeli şol bir iş üçin 130 mln token, Claude Opus 4.6 bolsa 58 mln token ulandy. Gemini 3.1 Pro Preview-nyň bahasy bir million giriş tokeni üçin 2 dollar, çykyş tokeni üçin bolsa 12 dollara deň. Netijede, Gemini üçin ähli testler 892 dollara düşdi, şol bir wagtda GPT-5.2 üçin bu çykdajy 2304 dollar, Claude Opus 4.6 üçin bolsa 2486 dollar boldy.

 


düýn 23:58
685

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...