Türkmenistan Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy

  • 18.11.2025 23:55
  • 11k+

zzTürkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy. Duşuşyk 18-nji noýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda geçip, 3:1 hasabynda tamamlandy.

Türkmen futbolçylary duşuşygyň 13-nji minutynda Rahman Myratberdiýewiň goly bilen hasaby açdylar, topy Rasul Çaryýew asist etdi. Myhmanlar arakesmeden öň hasaby deňlediler, Anž Kuame tapawutlandy (45'). Ikinji ýarymyň başynda, 53-nji minutda Elman Tagaýew topary ýene öňe çykardy. Duşuşygyň gutarnykly hasabyny 79-njy minutda Meýlis Diniýew goýdy, oňa hem Rasul Çaryýew asist etdi.
Toparyň beýleki duşuşygynda Tailandyň ýygyndysy myhmançylykda Şri-Lankanyň toparyndan uly hasap bilen - 4:0 ýeňiş gazandy.
Hytaý Taýpeýini ýeňmek bilen Türkmenistan 12 utuk toplap, D toparda öňdebaryjylygyny saklaýar. Tailandyň hem 12 utugy bar, ýöne özara oýunda yza galýar. Şri-Lanka 6 utuk toplady. Hytaý Taýpeý bolsa utuksyz galýar.
Türkmenistanyň ýygyndysy saýlama tapgyryň iň soňky duşuşygyny 2026-njy ýylyň 31-nji martynda myhmançylykda Tailandyň toparyna garşy geçirer. Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky topara Aziýa Kubogy-2027-e saýlanmak üçin deňme-deň netije hem ýeterlik bolar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......