Dawaly bolan “Älem hanymy” bäsleşigi meksikaly gatnaşyjynyň ýeňşi bilen tamamlandy

  • 21.11.2025 22:09
  • 14k+

“Älem hanymy – 2025” bäsleşiginde Meksikanyň wekili Fatima Boş Fernandes ýeňiji boldy. Oňa täji titulyň geçen ýylky eýesi, daniýaly Wiktoriýa Kýer Teýlwig gowşurdy.

Ikinji orny Tailanddan Prawenar Singh eýeledi. Şeýle-de, ilkinji bäşlige Stefani Abasali (Wenesuela), Ahtisa Manalo (Filippinler) we Oliwiýa Ýase (Kot-d’Iwuar) girdi.
Şu ýyl bäsleşik dawaly boldy. Taýýarlyk çäreleriniň dowamynda bäsleşigiň guramaçylarynyň biri, tailandly telekeçi Nawat Isaragrisil hemaýatkärlik fotosessiýasyna gatnaşmandygy üçin Fatima Boşy köpçüligiň öňünde kemsidip, oňa “samsyk” diýdi. Bu pursat hem göni ýaýlyma düşdi. Soňra Isaragrisil bu sözi ulanmandygyny aýtdy. Dawa sebäpli işewür Boşy zaldan çykarmak üçin goragçyny çagyrdy; raýdaşlygyň nyşany hökmünde onuň bilen bilelikde birnäçe gatnaşyjy hem çykyp gitdi.
Bu wakany başga bir guramaçy – meksikaly işewür we Miss Universe Organization-yň prezidenti Raul Roça Kantu ýazgardy. Ahyrynda tailandly telekeçi işden çetleşdirildi.
Bloomberg-iň ýazmagyna görä, Kantu bilen Isaragrisiliň arasynda dürli çemeleşmeler sebäpli düşünişmezlik ýüze çykdy: tailandly işewür mahabata üns bermek bilen bäsleşigi girdejili güýmenjä öwürmäge çalyşýar, Kantu bolsa “Älem hanymy” bäsleşiginiň “zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin platforma” bolup galmagyny isleýär. 


05.06.2026 13:07
4.5k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....