Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

  • 25.04.2026 15:42
  • 3.4k+

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär.

Bahasy 4 million dollarlyk küşt toplumynyň materialy ak altyn we keramikadan bolup, 9 müňden gowrak göwher daşlar bilen bezelendir. Onuň bezegini işläp düzmek üçin 3 ýyldan gowrak wagt sarp edildi.

Küşt tagtasynyň esasyna 15,48 karat agyrlykdaky 516 sany göwher dakylan.

Bu toplumyň iň täsin ýeri, küşt mallarynyň her birini aýratyn şaý-seý hökmünde dakynyp bolýar. Şolaryň içinde iň merkezi şekil (şa) brendi esaslandyryjy Gabriell Şaneldir. Bu şekiliň içinde kiçijik sagat gizlengi. Şeýle-de şlýapanyň aşagyndaky ýörite gurluş arkaly ony zynjyra dakyp, kulon hökmünde ulanyp bolýar.

Lýuks segmentiň brendleri şeýle gymmat harytlary hödürleýän wagty, beýleki kompaniýalar müşderileri çekmek üçin düýbünden başga ýollary saýlaýarlar. Mysal üçin, IKEA-nyň Saud Arabystanyndaky bölümi «Step Buy Step» atly gyzykly aksiýany işe girizdi. Aksiýada dükanyň içinde azyndan 4000 ädim ýörän müşderilere 10% möçberinde arzanladyş hödürlenýär.

Bu iki wakanyň deňeşdirilmegi, häzirki zaman bazarynyň iki sany düýpli dürli ugurdan:hem aşa ýokary kaşaňlyk, hem fiziki işjeňlik we hakyky müşderi gatnaşygyndan ösýändigini görkezýär.


05.06.2026 13:07
4.5k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....