Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

  • 24.04.2026 16:14
  • 2.4k+

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi.

Täze hyzmatdaşlygyň çäginde ýörite wideorolik hödürlendi. Onda Paskal brendiň dizaýnyndaky lybasda — goýy gyzyl žemperde we gara balakda fotobudkada surata düşýär.

Aktýor paýlaşan maglumatynyň aşagyndaky teswirlerde brendiň kreatiw direktory Matýe Blaziniň işine bolan gyzyklanmasyny bildirdi we onuň dizaýnerçilik garaýyşlaryny güýçli, nepis hem-de ylham beriji diýip atlandyrdy. Paskalyň sözlerine görä, dizaýner tarapyndan döredilen älemde «her kim özi üçin ýakyn bolan bir zady tapyp biler». Öz gezeginde, Blazi Pedrony «ajaýyp ynsan we täsin aktýor» diýip häsiýetlendirdi. Dizaýner: «Onuň mähirliligi, zehini we dünýä bolan garaýşy şol bir wagtyň özünde özüne çekiji we ylham berijidir» diýip belledi.

Bellemeli zat, Matýe Blaziniň ýolbaşçylygynda moda öýi Golliwudyň erkek ýyldyzlaryny hyzmatdaşlyga has işjeň çekip başlady. Mundan ozal «Chanel» Timoti Şalame, Kendrik Lamar we A$AP Rocky ýaly meşhurlar bilen hem hyzmatdaşlyk edipdi. Kompaniýanyň häli-şindi aýratyn erkek adamlar üçin lybaslar hatarynyň ýokdugyna garamazdan, Blazi brendiň erkek modasyndaky ornuny giňeltmegini dowam edýär.


05.06.2026 13:07
4.5k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....