El-Klasikodan öň «Realda» Walwerde bilen Tçuameniniň dawasy sebäpli derňew işi başlandy

  • 08.05.2026 19:00
  • 9.4k+

Madridiň «Real» toparynda türgenleşik wagtynda ýüze çykan dawa sebäpli urugwaýly ýarymgoragçy Federiko Walwerde we fransiýaly goragçy Orelýen Tçuamenä garşy tertip-düzgün derňewi başlandy.

«Marca» neşiriniň berýän maglumatyna görä, çarşenbe güni türgenleşigiň ahyrynda topardaşlaryň arasynda çaknyşyk boldy. Wakanyň ýüze çykmagyna oýun düzgüniniň bozulmagy sebäp boldy, şondan soň oýunçylar biri-birini itekläp, sögüşmäge başlady. Dawa eşik çalşyrylýan otagda dowam etdi.

Penşenbe güni geçirilen türgenleşikde ýagdaý has-da ýitileşýär. Žurnalistleriň ýazmagyna görä, Walwerde görnetin ýagdaýda Tçuameniniň elini gysmakdan ýüz öwrüpdir. Türgenleşigiň ahyrynda bolsa futbolçylar urşup başlaýar. Bu dawa şeýle bir ýitileşýär welin, oýunçylary aýyrmak üçin toparyň birnäçe agzasy goşulmaly bolýar. Bellenilişi ýaly, Walwerde güýçli urgy alyp, lukmançylyk kömegine mätäç bolýar — urugwaýly futbolçy hassahana äkidilýär. Klub onda «kelle-beýni şikesiniň» bolmagynyň mümkindigini habar berdi, ýöne tiz wagtdan futbolçy hassahanadan çykaryldy we ol Waldebebasdaky türgenleşik bazasyna dolandy.

Soňra «Real» resmi beýannama ýaýratdy: «Klub şu gün irden birinji toparyň türgenleşiginde bolup geçen wakalardan soň, futbolçylarymyz Federiko Walwerde we Orelýen Tçuamenä garşy tertip-düzgün derňewini açmak barada karara gelendigini yglan edýär». Klubuň berýän maglumatyna görä, urugwaýly ýarymgoragçy 10 günden 14 güne çenli oýna çykmaz.

Soňra Walwerde Instagram sahypasynda beýannama paýlaşyp, aralarynda «gapma-garşylyklaryň» bolandygyny boýun aldy, ýöne meseläniň «urşa» çenli baryp ýetendigini inkär etdi. Futbolçy «tötänleýin stola degip, maňlaýynyň biraz sypjyrylandygyny we şol sebäpli hassahana barmaly bolandygyny» aýtdy.

«Topardaşym meni bir gezek hem urmady, men hem ony urmadym. Size biziň urşandygymyza ýa-da munuň bilgeşleýin edilendigine ynanmagyň aňsatdygyna düşünýärin, emma beýle zat bolmady. <...> Meniň abraýyma zeper ýetiren we şübhe döreden manysyz çaknyşygyň ýüze çykmagyna köp sanly ýagdaýlar sebäp boldy — adamlar bolup geçen waka barada dürli zatlary oýlap tapyp, maňa töhmet atyp, dawany ulaldyp başlady. <...> Bu ýerde kimdir biriniň myş-myş ýaýradýandygy äşgär. "Real Madridiň" hemişe üns merkezinde bolýan, titulsyz geçen möwsüminde her bir zat aşa ulaldylyp görkezilýär».

Bu waka Ispaniýanyň çempionatynda madridlilerden 11 utuk öňde barýan «Barselona» garşy geçiriljek klasiko duşuşygynyň öňüsyrasynda, topardaky dartgynly ýagdaýlaryň arasynda ýüze çykdy. Eger madridliler utuk ýitirse, katalonlar çempion bolar.


düýn 15:42
6.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......