Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

  • 12.05.2026 18:30
  • 1.7k+

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady.

Bu başlangyjyň esasy wakasy Lido adasyndaky «Palasso del Kazino» köşgünde geçiriljek haýyr-sahawat baly bolar. Ondan ýygnalan ähli serişdeler meşhur döwlet muzeýi Ka-d’Oronyň meýdançalaryny dikeltmäge we döwrebaplaşdyrmaga sarp ediler.

Haýyr-sahawat agşamynyň senesi Wenesiýa biennalesiniň resmi açylyşyna gabat getirildi. WWD neşiriniň habar bermegine görä, Dior köp ýyllaryň dowamynda biennaleniň hemaýatçysy bolup çykyş edýär we sungaty işjeň goldap gelýär. Bu taslama brendiň «Venetian Heritage» gaznasy bilen alyp barýan üstünlikli hyzmatdaşlygynyň dowamydyr.

Taraplar 2024-nji ýylda «Porta-Magna» derwezesini bilelikde dikeltmek işini-de tamamlapdylar. Ka-d’Oronyň meýdançalaryny täzeden gurmak baradaky häzirki başlangyç bolsa, moda öýüniň suwüsti şäheriň taryhy mirasyny saklap galmaga ygrarlydygyny ýene bir gezek subut edýär.

Ka-d’Oro («Altyn öý») Palasso Santa-Sofiýa ady bilen hem belli bolup, Wenesiýanyň iň meşhur köşkleriniň biridir. Köşk Kannarejjo etrabynda, Grand-kanalyň kenarynda ýerleşýär.

Bina XV asyrda (1425–1440 ýý.) wenesiýa gotikasy stilinde gurlupdyr. Onuň binagärleri Jowanni we Bartolomeo Bona hem-de Matteo Rawertidir. Desga özüniň tor nagyşly fasady we nepis eýwanlary bilen tapawutlanýar.

Köşk öz adyny fasadynyň asyl nusgasynda altyn çaýylandygy, gymmat bahaly mermer we ultramarin daşlary bilen bezelendigi üçin aldy. Gynansak-da altyn çaýylan bölekleri häzirki döwre çenli saklanyp galmandyr.


düýn 17:04
1.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.6k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....