Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

  • 20.05.2026 12:28
  • 2k+

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär.

Bu ýygyndy, takmynan, 20 sany modeli öz içine alýar. Olaryň arasynda kurtkalar, balaklar, hudiler, switşotlar, futbolkalar we içki geýimler bolup, olaryň bahasy 29 dollardan 699 dollara çenli üýtgeýär.

«Calvin Klein-iň» bellemegine görä, Çonguk kolleksiýanyň taýýarlanmagyna brendiň topary bilen bilelikde işjeň gatnaşdy. Ol reňkleri saýlady, printleriň we beýleki detallaryň dizaýnyny işläp taýýarlamaga kömek etdi. Baş gahryman hökmünde artist bilen mahabat kampaniýasyny Alasder Maklellan surata düşürdi.

Çonguk 2023-nji ýylyň ýazynda «Calvin Klein-iň» global ilçisi boldy. Ol brendiň mahabat kampaniýalaryna yzygiderli gatnaşýar.

Ýakynda aýdymçy «Chanel» modalar öýüniň hem global ilçisi boldy. Ol bu barada: «Meniň üçin Chanel — özüniň wagt geçse-de gymmatyny ýitirmeýän mirasyny aýawly saklaýan we häzirki döwrüň meýillerine laýyklykda yzygiderli ösýän täzeçil moda öýüdir» diýip teswir berdi.


05.06.2026 13:07
4.5k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.8k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....