«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

  • 06.05.2026 18:18
  • 4.7k+

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi.

Oňa gatnaşyjylara bolsa, moda sungatyň bir görnüşi hökmünde garamak we öz keşplerini mümkin boldugyndan çeper görkezmek teklip edildi.

​Bu dabara däp boýunça maý aýynyň birinji duşenbesinde geçirilýär we moda dünýäsiniň iň esasy wakasy hasaplanýar. Hatda ähmiýeti boýunça ony kino dünýäsindäki «Oskar» baýragy bilen hem deňeşdirýärler.

Çäre Nýu-Ýorkdaky Metropoliten-muzeýiniň Kostýumlar institutynyň täze sergisiniň açylmagy bilen gabat getirildi. Şu ýylky «Kostýum sungaty» atly ekspozisiýa 2026-njy ýylyň 10-njy maýyndan 2027-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli dowam eder.

​Agşamyň başlyklary hökmünde Anna Wintur bilen bilelikde Beýonse, Nikol Kidman we Winus Wilýams çykyş etdiler. Şu ýylky serginiň uly bölegine Amazon-yň ýolbaşçysy Jef Bezos hemaýatkärlik etdi.

Myhmanlaryň sanawynda moda, kino, saz we sport dünýäsiniň wekilleri jemlendi. Muzeýiň basgançaklarynda Rianna we A$AP Rocky, Bed Banni, Kim Kardaşýan, Jiji Hadid, Madonna, Doja Cat, Serena Wilýams, Janel Mone, Naomi Osaka, Bleýk Liwli, şeýle hem Stiwen we Aýeşa Karri ýaly meşhurlar göründi.

​Agşamyň iň esasy wakalarynyň biri Beýonseniň dolanmagy boldy. Aýdymçy soňky on ýylyň dowamynda ilkinji gezek Met Gala-da gatnaşdy we gyzy Blýu Aýwi hem ýany bilen getirdi. Blýu Aýwi üçin bu agşam moda dünýäsine ilkinji gadamdyr. Beýonse «ystyhan» görnüşli şekili we perli keşbi saýlady, Blýu Aýwi bolsa giň etekli we ýeňsizli ak köýnek geýip, onuň üstüni Günden goraýan äýnegi we kümüş reňkli köwüş bilen ýetirdi.

​Çagyrylan myhmanlaryň köpüsi öz daşky görnüşleri üçin meşhur suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň eserlerinden ugur aldylar.

​Met Gala her ýyl ýüzlerçe myhmany bir ýere jemleýär we käbir keşpleri pop-medeniýetiň wizual taryhynyň bir bölegine öwürýän moda dünýäsiniň iň möhüm wakalarynyň biri bolmagynda galýar.


01.06.2026 17:04
2.4k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

05.05.2026 23:18
1.6k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....