Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

  • düýn 17:04
  • 1.4k+

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar.

Galaxy Corporation göwün açyş kompaniýasynyň guramaçylary bu görkezilişiň adamlar bilen robotlaryň nähili ýagdaýda bile ýaşap biljekdigi baradaky soragy orta atmak maksady bilen guralandygyny mälim etdiler.

Tomaşaçylara robotlaryň gurluşyna laýyk edilip tikilen ýörite lybaslar hödürlenildi. Olaryň arasynda kowboý şlýapaly we seçekli tehas stilindäki gök toplum, retro stilindäki kümüşsöw gysga penjek, ýüpek köýnekler we 1970-nji ýyllaryň kosmos eýýamynda ýoň bolan giň gara balaklar bar.

Ynsanpisintler üçin niýetlenilen bu lybaslary kompaniýanyň özi işläp düzdi we olary ýylyň ahyryna çenli MACH 33 brendi astynda satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Modeller hökmünde Hytaýyň Unitree startapynyň robotlary ulanyldy. Unitree-niň baş direktory Çoý Ýon-ho bu görkeziliş baradaky pikirini beýan edip: «Biz robotlara-da eşigiň gerekdigine düşündik. Edil her bir ynsan ýaly, her bir robot hem özboluşly we gaýtalanmajak görnüşde bolmalydyr» diýip belledi.

Häzirki zaman çeýe robotlary eýýäm tans etmegi we aşyr atmagy başarýarlar. Morgan Stanley maliýe kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli dünýäde bir milliarddan gowrak ynsanpisint robot bolar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda fiziki emeli aňa esaslanyp, doly awtonom işleýän robotlar örän seýrek duş gelýär we görkezilýän çäreleriň agramly bölegi öňünden programmirlenýär ýa-da uzakdan dolandyrylýar.


20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.6k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....