Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda halkara moda görkezilişi guraldy diýip, TmCars-yň žurnalisti habar berdi.
Çäre daşary ýurtly wekilleriň, sungat işgärleriniň, dizaýnerleriň hem-de moda pudagynyň hünärmenleriniň ünsüni çekdi.
Dabaranyň esasy hormatly myhmanlary hökmünde dünýäniň iň täsirli moda öýleriniň biri bolan Vivienne Westwood brendiniň baş direktory Karlo D’Amario hem-de Fashion Channel Italy media platformasynyň esaslandyryjysy Marzio Noçera gatnaşdy. Olar öz çykyşlarynda ýerli brendler bilen tejribe alyşmagyň uly hormatdygyny belläp, paýtagtymyzda moda sungatyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goşant goşmaga taýýardyklaryny nygtady.
Moda görkezilişi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Miras» modeller öýüniň taýýarlan mowzuklaýyn wideoşekilleri bilen açyldy. Soňra modeller öýi özüniň panbarhat ýaly ýokary hilli matalardan tikilen, milli nagyşlar we gymmat bahaly şaý-sepler bilen baýlaşdyrylan 20-ä golaý lybaslaryny görkezdi. Häzirkizaman stili bilen utgaşdyrylan bu geýimler türkmen halkynyň baý medeniýetini açyp görkezýär.
Dabara Fransiýadan gelen dizaýner Romuald Betrandyň özboluşly fransuz stilindäki lybaslary bilen dowam etdi. Dizaýneriň hödürlän obrazlaryndaky ýelekler, owadan gaşlar, şlýapa we uzyn ellik lybaslara aýratyn bezeg goşdy.
Fransuz modasynyň ýene bir wekili — «Maison Claude Patrick» moda öýi Pariž däplerine esaslanýan nepis zenan egin-eşiklerini köpçülige hödürledi. Bu lybaslar ýokary hilli ýerine ýetirilişi we fransuz atelýeleriniň nusgawy biçüw standartlaryny görkezýän takyklygy bilen ünsi çekdi.
Marokkoly dizaýner Wafa Idrissi gündogar modasyny döwrebap öwüşginde beýan etdi. Ol öz döredijiliginde asylly milli däpleri häzirkizaman «haute couture» estetikasy bilen utgaşdyrýar.
Omanyň baý medeni mirasyny döwrebap dizaýn çözgütleri arkaly ösdürmäge üns berýän Yoland moda öýi hem nepisligi we asyllylygy özünde jemleýän täsirli obrazlaryny görkezdi.
Özbegistandan gelen dizaýner Madinabonu Ergaşowanyň Miras by Banu brendi türki halklaryň medeni mirasyny zenanlaryň gündelik geýimlerine ornaşdyrmak ideýasyny öňe sürýär. Şeýle hem özbek modasyna wekilçilik edýän Dilovar Collection brendiniň esaslandyryjysy Dilowar Mirzaýew öz lybaslarynda Özbegistanyň milli nagyşlaryny we däplerini häzirkizaman estetikasy bilen sazlaşdyrýar.
Russiýaly dizaýner Olga Kadeýkina tarapyndan taýýarlanan lybaslar bolsa özüniň sadalygy, şol bir wagtyň özünde-de zenanlaryň içki güýjüni hem-de özüne bolan ynamyny görkezýän özboluşly stili bilen tapawutlandy.
Ýurdumyzyň zehinli dizaýneri Göwher Pirkulyýewa-Gouvernet öz egin-eşiklerinde türkmen milli däplerini fransuz modasy bilen utgaşdyrdy. Ol özüniň şeýle kolleksiýalary bilen daşary ýurtlarda geçirilýän moda hepdeliklerine we halkara sergilerine hem işjeň gatnaşyp gelýär.
Mundan başga-da, ýerli Gülýaka Lybaslary we Goç ýigit brendleri döwrebap zenan hem-de erkek egin-eşiklerini hödürledi. Olaryň bezeglerinde milli nagyşlara we çeper el keşdelerine uly orun berilýär.
Toý lybaslaryna ýöriteleşen Emine Bridal brendiniň lybaslary bolsa özüniň nepisligi hem-de her bir zenanyň özboluşlylygyny ýüze çykarmaga bolan ymtylyşy bilen tapawutlanýar. Brend öz işinde ýokary hilli materiallary, elde ýerine ýetirilýän çeper bezegleri we häzirkizaman tendensiýalaryny sazlaşykly ulanýar.
Halkara moda görkezilişi meşhur aýdymçy Döwran Şammyýewiň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlary bilen utgaşdy.







