Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi dabaraly açyldy

  • 17.11.2025 14:49
  • 12k+

17-nji noýabrda Daşkentde Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýewiň sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Oňa Daşoguz we Horezm welaýatlarynyň il sylaglary ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, halk köpçüligi gatnaşdylar diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Türkmen we özbek tarapyndan hormatly ýaşulular çykyş edip, iki ýurduň döwlet Baştutanlaryndan Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyşyna ak pata bermeklerini haýyş etdiler. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew teleköpri arkaly söwda maksatly bu möhüm desganyň işine ak pata berenlerinden soň, söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek bölekleriniň girelgesindäki toý baglary dabaraly ýagdaýda kesildi. Şol pursatda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini döretmek hem-de onuň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda — özbek Lideriniň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde bu merkeziň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu wajyp taslamanyň durmuşa geçirilmegi haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýumlary çekmek, iki ýurduň telekeçileriniň we hojalygy ýöredýän subýektleriniň arasynda özara tejribe alyşmak hem-de gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Daşkent şäherini Daşoguz we Horezm welaýatlary bilen birleşdiren teleköpri tamamlanandan soňra, iki ýurduň wekiliýetleri serhetýaka söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek böleklerine baryp görüp, olarda işleriň guralyşy, alyjylara hödürlenilýän harytlar bilen tanyşdylar.
Dabaranyň dowamynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtoulaglar gowşuryldy.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......