Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda wizasyz tertip hereket eder

  • 23.11.2025 00:39
  • 17k+

Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlary «Şawat-Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyna wiza resmileşdirmesiz baryp bilerler. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 17-nji noýabrda dabaraly ýagdaýda, uzak aralykdan bu söwda zolagyny işe girizdiler.
Wizasiz tertip iki ýurduň raýatlaryna, şeýle hem olaryň çäginde kanuny esasda bolýan raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir. Munuň özi myhmanlar we telekeçiler üçin logistika we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Bilelikdäki söwda merkezi 6 gektar meýdany eýeleýär: 3 gektar Özbegistanyň tarapynda, 3 gektar bolsa Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda meýdan Özbegistanyň Horezm welaýaty bilen Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň arasyndaky aýratyn halkara ylalaşygy esasynda giňeldilip bilner.
Özbegistanyň maýa goýumlar, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazardurdy Agahanow söwda merkeziniň işlemeginiň hukuk şertlerini ylalaşdylar. Ol özara haryt dolanyşygyny giňeltmek, önümleri wagyz etmek we telekeçiligi ösdürmek üçin bir meýdança hökmünde seredilýär.
Ministrlikde habar berlişi ýaly: «Özbek-türkmen serhetýaka söwda zolagynyň açylmagy Özbegistanyň we Türkmenistanyň telekeçilerine umumy infrastrukturalary we ýeňilleşdirilen amallary ulanyp, öz harytlaryny erkin satmaga mümkinçilik berer».
Söwda zolagynda jemi iki blokda birleşdirilen 112 sany söwda hatary, 28 sany dükan we 16 sany söwda nokady ýerleşdirilendir. «Şawat-Daşoguz» başlangyç taslama boldy. Döwlet Baştutanlary bu görnüşdäki merkezleriň sanyny artdyrmak meýilnamalaryny eýýäm ara alyp maslahatlaşdylar – meýilleşdirilen beýleki şeýle taslama Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Alat we Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Farap etraplarynda durmuşa geçirilmegine garaşylýar.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......