Google DeepMind-yň emeli aň modeli rak bejergisinde öňegidişlik gazandy

  • 20.10.2025 17:37
  • 1.6k+

Alymlar çişi irki tapgyrlarda, heniz adamyň immun ulgamy olara hüjüm etmäge ukyply wagty ýüze çykarmagyň usulyny eýýäm köpden bäri gözleýärdi. Indi bu işe emeli aň hem goşuldy we netijeler haýran galdyrdy.

Google-yň blogunda habar berlişi ýaly, DeepMind bölümçesi Ýel uniwersiteti bilen bilelikde açyk Gemma EA modelini rak öýjükleriniň özüni alyp barşyny seljerer ýaly sazlady. 27 mlrd parametrli täze model Cell2Sentence-Scale 27B (C2S-Scale) aýry-aýry öýjükleriň özüni alyp barşyny “okap”, olaryň özara hereketindäki gizlin kanunalaýyklyklary ýüze çykaryp bildi.
Model öýjükleriň biri-biri bilen nähili aragatnaşyk saklaýandygyny öwrenip, täze, alymlara ozal näbelli çaklamalary öňe sürdi. Gözleg “sowuk” çişlere – immun ulgamynyň gowşak tanaýan çişlerine ünsi jemledi. 4000-den gowrak potensial derman serişdeleriniň wirtual skriningi immun signalyny güýçlendirip, çişleri immunoterapiýa üçin gowşak edip biljek dalaşgärleri ýüze çykardy.
Esasy açyş silmitasertib (CX-4945) derman serişdesi boldy. Interferonyň pes dozasy bilen birleşende ol antigenleriň görkezilmegini 50% ýokarlandyryp, immun ulgamyny çişi ýüze çykarmaga has ukyply etdi. Bu EA-nyň täze bejeriş strategiýasyny özbaşdak teklip etmeginiň ilkinji mysaly boldy.
C2S-Scale modeli eýýäm Hugging Face bilen GitHub-da elýeterli, deslapky ylmy makala bolsa bioRxiv-de hödürlenýär, bu hem halkara ylmy jemgyýetine gözlegleri dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Ýel uniwersitetinden alymlar ýüze çykarylan dalaşgärleri öwrenmegi we modeliň täze çaklamalaryny barlamagy dowam etdirýär.
Gözleg modeliň masştabynyň möhümdigini görkezdi: kiçi EA ulgamlary bu meseleden baş çykarmady. Google DeepMind açyşy “ylymda EA-ny ösdürmekde möhüm pursat” diýip atlandyrdy.
Şeýle-de bolsa, hünärmenler netijeleriň entek uzak möhletleýin barlagy talap edýändigini we bejergide göni ulanylyp bilinmejekdigini belledi. 


25.05.2026 16:09
1.2k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.5k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......