Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

  • 17.05.2026 23:19
  • 1.7k+

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler.

Bu tehnologiýa gialuron kislotasyndan ýasalan polimer plýonkalaryna esaslanýar. Alymlar olary rak keseline garşy häsiýetlere eýe, ýöne suwda gowy eremeýän we sagdyn dokumalar üçin zäherli bolup biljek maddalar üçin daşaýjy hökmünde ulandylar. Materialyň düzüminde kurkumadan alynýan kurkumin we lişaýniklerde tapylan usnin kislotasy bar.

Plýonkalar deriniň zeperlenen ýerine gönüden-göni aýratyn bejergi hökmünde ýapylyp ýa-da sargynyň işjeň gatlagy hökmünde ulanylyp bilner. Bu tehnologiýa bejerginiň dürli usullarynda nanosüýümleri, gelleri we nanobölejikleri döretmäge hem mümkinçilik berýär.

Işläp düzüjiler önümçilikde hiç hili zäherli erginleriň ýa-da katalizatorlaryň ulanylmaýandygyny, şonuň üçin materialyň doly bio ylalaşyklydygyny belleýärler.

Öýjük ösdüriş synaglary plýonkalaryň sagdyn dokumalara täsir etmezden, melanomanyň öýjüklerini öldürýändigini görkezdi. Barlagçylaryň sözlerine görä, bu tehnologiýa deri rakynyň ýerli bejergisi üçin hem, himioterapiýanyň dozasyny azaltmak we çiş aýrylandan soň, çiş öýjükleriniň köpelmeginiň öňüni almak üçin hem adaty bejergä goşmaça hökmünde ulanylyp bilner.
 


şu gün 10:53
34

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
618

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....