Tähran güýçli gurakçylyk sebäpli ewakuasiýa edilmäge ýakyn. Häkimiýet ýurtda ýagyş ýagdyrmak üçin bulutlary emeli ýagdaýda “ekip” başlady diýip, IRNA agentligi habar berýär.
The Guardian neşiriniň maglumatlaryna görä, şäherde gijelerine suw üpjünçiligine çäklendirmeler girizilýär: ýarygijeden irden sagat bäşe çenli suwuň basyşy peseldilýär we takmynan, 10 mln ýaşaýjynyň bir bölegi ýetmezçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurtda görlüp-eşidilmedik gurakçylyk dowam edýär – bu soňky 60 ýylda diýen ýaly iň gurak we iň yssy güýzdür. Tähranda sentýabryň başyndan bäri ýagyş ýagmady we häzirki çaklamalar hem ygalyň ýagjakdygyna umyt bermeýär.
Şäher bäş uly suw howdanyna garaşly, ýöne häzir olarda suw umumy sygymyň diňe ýarysyny doldurýar. Şol bir wagtyň özünde, iň uly bentleriň biri bolan Amir Kabir bendi öz sygymynyň bary-ýogy 8%-ini saklaýar. Lar bendi bütinleý diýen ýaly gurady, Latianda, Talekanda we Mamluda bolsa suwuň derejesi ep-esli azaldy.
Geçen hepde Tähranyň sebitleýin suw edarasy Karaj bendindäki suwuň çen bilen iki hepdä ýetjekdigini habar berdi.
Ýurduň ikinji uly şäheri Maşatda suw ätiýaçlygy 3%-den aşak düşdi, bu bolsa dört million adamyň suw üpjünçiligini howp astyna goýýar.
Häkimiýet bulutlary “ekmek” arkaly bu meseläni çözmäge çalyşýar – bulutlara ýagşyň ýagmagy üçin kümüş ýodidi we duz bölejikleri sepilýär diýip, BBC ýazýar. Geçen şenbe güni şeýle usul duzly Urmiýa kölüniň basseýniniň üstünde geçirildi. Şeýle çäreler Günbatar we Gündogar Azerbaýjan welaýatlarynda hem meýilleşdirilýär.
Şu ýyl Tähranda bary-ýogy 1 mm ygal ýagdy we bu ýagdaý ýüz ýyldan bir gezek bolýar. Deňeşdirmek üçin: 1991-2000-nji ýyllarda ortaça ýyllyk görkeziji 350 mm boldy. Yzygider bäş ýyl gurakçylyk suw howdanlaryň azalmagyna getirdi. Adatça, noýabryň ikinji ýarymy garyň ýagyp başlaýan wagty hasaplanýardy.
Häkimiýetiň maglumatlaryna görä, ýurtda gar örtügi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 98,6% azaldy. Tähranda gündiz temperatura 20 gradus derejesinde saklanýar, çüýşeli suwlaryň bahasy bolsa ep-esli ýokarlandy.