Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda partlamadan ejir çekenlere ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny beýan etdi

  • 27.04.2025 17:15
  • 36k+

 

26-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow Bender-Abbas portunda bolup geçen partlama zerarly öz adyndan, şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan goňşy döwletiň Baştutanyna we Eýranyň halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Eýranyň ýakyn goňşusy hökmünde partlama zerarly ejir çekenlere lukmançylyk we beýleki ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny nygtady. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti hoşallyk bildirip, şu çylşyrymly pursatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ilkinji bolup öz goldawyny bermek baradaky teklibini beýan edendigini belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Masud Pezeşkian ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
26-njy aprelde irden Eýranyň iri söwda porty hasaplanýan Şahid Rajaide güýçli partlama bolup geçdi. IRNA eýran agentliginiň ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar bermegine görä, partlama netijesinde azyndan 25 adam aradan çykdy, 1139 adam dürli görnüşli şikes aldy.
Portuň ýerleşýän şäheri bolan Hormozganda üç günlük hatyra yglan edildi.


03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.12.2025 11:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

20.11.2025 14:04
19k+

Tähran rekord derejede gurakçylyk sebäpli ewakuasiýa edilmäge ýakyn

Tähran güýçli gurakçylyk sebäpli ewakuasiýa edilmäge ýakyn. Häkimiýet ýurtda ýagyş ýagdyrmak üçin bulutlary emeli ýagdaýda “ekip” başlady diýip, IRNA agentligi habar berýär. The Guardian neşiriniň maglumatlaryna...

20.10.2025 10:11
6.4k+

Eýranda 700 müň ýyl ozal sönen hasaplanan Taftan wulkany oýandy

Eýranda 700 müň ýyldan gowrak ozal sönen diýlip hasaplanan Taftan wulkany hereket edip başlady. Bu barada Geophysical Research Letters amerikan ylmy žurnalynda neşir edilen dokladda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň iýulyndan 2024-nji ýylyň maýyna çenli wulkanyň çür depesi tas 9 santimetr ýokary galdy...