Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

  • 03.12.2025 10:07
  • 12k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, Şri-Lankadaky suw joşgunlary sebäpli azyndan 410 adam pida boldy, ýene-de 336 adam dereksiz ýiten hasaplanýar diýip, "Le Monde" neşiri habar berýär. Ýurduň ähli 25 etrabynda takmynan 1,5 million adam ejir çekdi. 215 müňden gowrak raýat 1500 sany döwlet howpsuzlyk merkezlerinde ýerleşdirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwerlik işlerini Utgaşdyryş Müdirliginiň (OGCHA) maglumat býulleteninde: "Deslapky çaklamalara görä, 15 müňden gowrak jaý ýykyldy, şeýle hem demirýol ulgamlaryny we elektrik ulgamlaryny goşmak bilen infrastruktura işleri uly zyýan çekdi" diýilýär.
Musson möwsümindäki güýçli ýagyşlar we tropiki harasatyň gelmegi uly suw joşmalaryna getirdi. Şeýle-de, birnäçe günden bäri bu tebigy betbagtçylykdan Tailand, Wýetnam, Filippinler we Malaýziýa hem ejir çekdi.


düýn 11:34
4.7k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.5k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.5k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......