Eýranda 700 müň ýyl ozal sönen hasaplanan Taftan wulkany oýandy

  • 20.10.2025 10:11
  • 5.9k+

Eýranda 700 müň ýyldan gowrak ozal sönen diýlip hasaplanan Taftan wulkany hereket edip başlady. Bu barada Geophysical Research Letters amerikan ylmy žurnalynda neşir edilen dokladda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň iýulyndan 2024-nji ýylyň maýyna çenli wulkanyň çür depesi tas 9 santimetr ýokary galdy. Bu ýeriň aşagynda güýçli basyşyň üýşendigini görkezýär. Alymlar wulkanyň ýagdaýyna gaýtadan seretmäge çagyryp, onuň işjeňligine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belleýär.
Taftan beýikligi 3940 metr töweregi bolan uly wulkan bolup, Eýran bilen Pakistanyň serhedinde, Sistan we Belujistan welaýatlarynyň daglyk sebitleriniň golaýynda ýerleşýär. Wulkan Arap deňziniň gabygynyň Ýewraziýanyň kontinental gabygyndan aşak gitmegi netijesinde emele gelipdir. Onuň eňňitlerinde kükürtli gazlary zyňýan işjeň kükürt çeşmeleri bar.
Taftanyň ýokary işjeňligi, aslynda, 2024-nji ýylda hasaba alyndy: kraterden tüsse we kül, şeýle-de gazlar – suw bugy, kömürturşy gazy, kükürt dioksidi, kükürtli wodorod we ftorly wodorod çykdy. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, kükürt dioksidiniň ortaça zyňyndysy günde 20 tonna barabar. Bu üýtgeşmeler ýeriň astynda gyzgyn suwuklyklaryň we gazlaryň üýşmegi ýa-da magmanyň ýokary galmagy bilen baglanyşykly bolsa gerek.
Wulkanolog Pablo Gonsales Taftany sönen däl-de, ýatan wulkan diýip hasaplamalydygyny belledi. Käbir alymlar hem Eýran bilen Pakistanyň günortasynda wulkan zynjyryna gaýtadan baha bermeli diýip hasaplaýar, çünki sebitde howp derejesine häzirki baha bermeler könelişen bolup biler. Wulkana golaý bolan Eýranyň Haş we Zahedan şäherlerinde 500 müňden gowrak adam ýaşaýar, Pakistan tarapda bolsa, takmynan, 18,5 müň adamly Taftan şäheri bar.


27.04.2025 17:15
35k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranda partlamadan ejir çekenlere ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny beýan etdi

  26-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly...

20.05.2024 16:02
34k+

Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli...

05.01.2024 01:05
56k+

Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we goňşy ýurduň doganlyk halkyna Kerman şäherinde bolup geçen köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylykly...

28.01.2023 17:47
54k+

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen ýaragly hüjümi ýazgardy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi anna güni, 27-nji ýanwarda irden Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen ýaragly hüjümi ýazgaryp, Beýannama bilen çykyş...