Tramp Ak tamda Ronalduny kabul etdi we ony ähli döwrüň iň beýik oýunçysy diýip atlandyrdy

  • 19.11.2025 23:16
  • 19k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hormatly myhman hökmünde Ak tama bardy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasy bilen tanyşdy diýip, ESPN habar berýär.

Sişenbe güni Tramp Waşingtonda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salmany kabul etdi. “Al-Nasr” saud klubunda oýnaýan futbolçy şazadanyň hormatyna geçirilen kabul edişlige çagyryldy. Ronaldu öz gelni Jorjina Rodriges bilen gatnaşdy.
ABŞ-nyň Prezidenti türgene goýan hormaty üçin minnetdarlyk bildirip, ony ähli döwrüň iň beýik futbolçysy diýip atlandyrdy.

“Siz bilýäňizmi, meniň oglum – Kriştianu Ronaldunyň uly janköýeri… Indi Berron olary tanyşdyrandygym üçin öz kakasyny has köpräk hormatlaýan bolsa gerek” – diýip, Tramp degişdi.

Çäräniň myhmanlarynyň arasynda FIFA-nyň başlygy Janni Infantino, Apple-iň ýolbaşçysy Tim Kuk, Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos we telekeçi Ilon Mask hem bardy.
Ozal 40 ýaşly Ronaldu 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň özi üçin karýerasynda soňky boljakdygyny aýtdy. Dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. 


08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.2k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......