Chery krossoweri “Asman Merdiwany” synagyndan geçip bilmän, syýahatçylyk desgasyna zeper ýetirdi

  • 17.11.2025 13:14
  • 11k+

Hytaýda Chery Fulwin X3L gibrid krossoweri Týanmen dagynda meşhur “Asman Merdiwanyna” çykyp bilmedi we syýahatçylyk desgasyna zeper ýetirdi diýip, Jimu News habar berýär.

Awtomobil basgançaklara çykmaga synanyşdy, ýöne yza gaýdyp baryp germewe uruldy. 999 basgançakdan ybarat we uzynlygy takmynan 300 metr bolan merdiwan dünýäde iň kötel ýerlerden biri hasaplanýar — käbir ýerlerinde eňňidi 60 derejä ýetýär.
Chery kompaniýasy täze krossoweriniň aşakdan ýokarlygyna çykyp bilýän az sanly ulaglaryň biri bolmagyny meýilleşdiripdi. Emma synanyşyk şowsuz tamamlandy: awtoulag typyp, germewe uruldy we merdiwanyň bir bölegine zeper ýetirdi.
Bu waka Hytaýyň sosial torlarynda gyzgalaňly jedele sebäp boldy. Şaýatlaryň sözlerine görä, awtoulag wakadan soň birnäçe sagat basgançakda galypdyr, desga giriş bolsa iki günläp ýapyk bolupdyr.
Kompaniýa töwekgelçilige ýeterlik baha bermändigini we çärä ýeterlik gözegçilik etmändigini boýun aldy. Chery ýeten zyýany öz hasabyna tölemegi wada berdi.
Chery Fulwin X3L krossoweri Hytaýda ilkinji gezek güýzüň başynda çykdy. X3-iň bu wersiýasynda kuzow 16,5 santimetr uzaldylan. Awtomobil modeline baglylykda, içinden ýandyrylýan hereketlendirijisi (DWS) we bir ýa-da iki elektrik hereketlendirijisi bolan gibrid ulgam bilen işleýär. Gibridiň ýöreýiş ätiýaçlygy 1200 kilometr diýip yglan edildi.


21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....