Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

  • 13.05.2026 23:03
  • 2.1k+

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki sany raketa güýçlendirijisidir. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy ABŞ-da geçirildi.

Ulagyň yzky böleginde ýerleşdirilen güýçlendirijiler 100 müň Nm çenli dartyş güýjüni döretmäge ukyplydyr we olar aerokosmos tehnologiýalarynyň esasynda işlenip düzüldi. Şeýle hem awtoulag gaty jisimli batareýaly elektrik güýç ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, diňe elektrik ýangyjynda 550 kilometre çenli ýol geçip bilýär.

Giperkar mehaniki arabaglanyşygy bolmaly däl dolandyryş ulgamyna, adaptiw podweska we elektron kömekçiler toplumyna eýe bolar. Bu topluma uly obýektleri 600 metr, kiçi päsgelçilikleri bolsa 300 metr aralykdan saýgaryp bilýän lidar hem girýär.

Mundan ozal "akylly" awtoulaglar bazaryna çykýandygyny resmi taýdan yglan eden Dreame kompaniýasy strategiýasynyň jikme-jikliklerini entek mälim etmedi. Şeýle-de bolsa, kompaniýa geljekde dört motorly Star Motor wnedorožnikleriň tapgyryny çykarmagy meýilleşdirýär.


21.06.2026 09:56
6.1k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....