Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

  • şu gün 09:56
  • 1k+

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady.

Boýag tehniki uglerodyň we uglerod nanoturbalarynyň suwly kompozit garyndysynyň esasynda döredildi. Işläp taýýarlaýjylaryň aýtmagyna görä, bu materiallaryň utgaşmasy diňe bir ýagtylygyň pigment tarapyndan siňdirilmegini däl-de, eýsem onuň örtügiň mikro-gurluşynyň içinde birnäçe gezek dargamagyny hem üpjün edýär. Materialyň ortaça serpikdiriş ukyby, takmynan, 0,08%-e deňdir.

Örtük elektron mikroskopyň aşagynda

Serpikdirme derejesiniň örän pesligi sebäpli, awtoulagyň üsti özüniň wizual relýefini ýitirýär we ony boşluk hökmünde kabul etmek mümkin. Şol sebäpli, munuň ýaly örtükler transportda ulanmagyň howpsuzlygy bilen bagly soraglary ýüze çykarýar. Bu täsiri azaltmak üçin barlagçylar solgun däl-de, ýylpyldawuk üstleri ulanmagy teklip edýär.

Şeýle-de, taslamanyň awtorlary çyglylygyň we temperaturanyň täsirine durnuklylyk synaglary barada habar berdi. Nusgalar 40°C temperaturada suwda on günläp we 95% çyglylykda 14 günläp hiç hili göze ilýän kemçilik bolmazdan saklanmagy başardy.

Işläp düzüjiler materialyň satuwa çykarylmagyndan öň, onuň durnuklylygy, çalmak üçin aňsatlygy we ulanyş ygtybarlylygy boýunça goşmaça barlaglardan geçmelidigini belleýär.


düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.2k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.7k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......